eýelik

eýelik
Eýe bolmaklyk, eýe boluş ýagdaýy, hojaýynlyk.
∙ Siziň jaýyňyz meniň eýelik edýän jaýym bilen bir hatarda bolar. (B. Gurbanow, Duşuşyk)
∙ Onuň üçden birine Halnazarlar eýelik etdi. Gürrüňdeşi başga bolsa-da, Şeker onuň bütin durmuşyna eýelik etdi. (B. Kebabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Ynha adamlaryň, eýelik et! -- diýip, çatmasyna gitdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem eýelik - eýeligi.
eýelik düşüm«Kimiň? Nämäniň?» diýen soraglara jogap bolýan düşüm.
eýelik gözi bilen seretmekÖz zadyň ýaly görmek, oňat seretmek.
∙ Jaý hem jaý welin, tohum gylýallara eýelik gözi bilen seredip idetmek hem gerek-diýdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужно сделать НИР?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»